Soraglar we ýumuşlar
1. Antonimler nähili toparlara bölünýärler?
2. Antonim we omonimleriň tapawudyny düşündiriň.
3. Antonimleriň görnüşlerini, ceper edebiýatdaky hyzmatyny aýdyp beriň.
2.7.HÄZIRKI ZAMAN TÜRKMEN DILINIŇ UMUMHALKY WE UMUMHALKY DÄL LERSIKASYNYŇ DÜZÜMI
Meýilnama:
1.Türkmen dilinin leksikasy.
2.Türkmen dilinin umumy halky leksikasy.
3.Türkmen dilinin umumy halky we umumyhalky däl leksikasy.
4. Grammatik we ýasaýjy dialektizmler.
5.Aktiw leksika we passiw leksika adälgalary.
6. Arhaizmler, neologizmler.
Daýanç düşünjesi: türkmen dilinin leksikasy, türkmen dilinin umumy halky leksikasy, türkmen dilinin umumyhalky we umumyhalky däl leksikasy, grammatik we ýasaýjy dialektizmler, aktiw leksika we passiw leksika adälgalary, arhaizmler, neologizmler hakynda maglumat.
Sözlük düzümimizdaki şiwe sözleri, kär–hünär sözleri, ylmy adälgalar halkymyzyň diňe belli bir bölegi tarapyndan ulanylýar. Manylarynyň hemmelere düşnükli däldikleri üçin, olar ulanylyşy çäkli sözlerdir.
Şiwe sözleri. Häzirki türkmen dili azda–kände tapawutlanýan 40 toweregi şiwäni öz içine alýar. Meselem, sygra şiwelerimiziň birnaçesinde inek diýilýär. Gölesine arsary şiwesinde hojek, ýomut şiwesiniň gunbatar gepleşiginde ta:na, stawrapol türkmenlerinde buzaw diýilýär. Uly sözüne derek teke şiwesiniň mary gepleşiginde gocak, ärsary şiwesinde ketde ulanylýar. Aglamak ýerine ýyglamak, ýaman sözüne derek mojuk aýdylyşy–da ärsary şiwesine mahsus aýratynlykdyr. Şiweleriň belli birinde ulanylýan şu hili sözlere dialektizm, şiwe sözleriniň jemine bolsa dialektal leksika diýilýär.
Dialektizmler üc hili bolýarlar: 1) fonetik dialektizmler; 2) leksik–semantik dialektizmler; 3) grammatik dialektizmler.
Fonetik dialektizm haýsydyr bir sesi tapawutly aýdylýan şiwe sözleridir. Meselem: a:ýna – aýna, ýo:k – ýa:k, gelin – kelin, towuk– tawyk, tikin – dikin. Leksik–semantik dialektizm şol bir zadyň, düşünjäniň şiwede başgaça atlandyrylyşydyr. Meselem: belke – şiwelerde gulak, gaýyş; uly – şiwelerde gocak, ketde.
Grammatik dialektizm goşulmasy taýdan tapawutly şiwe sözleridir. Meselem: alýarrys – alýorrys, alýa:s, alýak; Uci:miz – uçi:k, ba:şi:miz– ba:şi:k; 0:ba: gitjek – o:baýa gitjek, o:ba:k gitjek...
Dialektizmler ceper edebiyatda eseriň gahrymanlarynyň dilini tipleşdirmek, medeni derejesini görkezmek üçin ulanylýarlar.
Kär–hünar sözleri. Belli bir kärdäki adamlara düşnükli bolan, şol kär bilen meşgullanýanlar tarapyndan ulanylýan sözlere kär–hünar sözleri diýilýär.
Ata–babalarymyz gadymdan bäri maldarçylyk, daýhançylyk, şäher ilaty bolsa tikinçilik, ussaçylyk, zergärçilik, halyçylyk, dokmaçylyk bilen meşgullanyp gün–güzeran dolandyryp gelipdir. Sözlük düzümimizde şol kesp–kärlere degişli sözlerem ep–esli orun tutýar. Meselem: koruk, sandäl, ýekedaban, isgene, ren–de... (ussacylyga degişli), tara, eriş, argac, kuji, maki, synny (dokmacylyga degişli) ....
Kär–hünar bilen baglanyşykly sözleriň jemine dil biliminde professional leksika diýilýär. Ylma, tehnika degişli adälgalar hem ulanylyş gerimi çäkli sözlerdir. Meselem, fonetika, leksika, morfologiýa, sintaksis, aýyrgyc, doldurgyc.
Ylmy adälgalar ylmyň şol ugry bilen iş salyşýanlar tarapyndan ylmy işlerde ulanylýan sözlerdir. Bu hili sözlere dil biliminde termin, ylmy adälgalaryň jemine bolsa terminologik leksika diýilýär. Ylmy–tehniki adälgalaryň köp bolegi halkara häsiýetli terminlerdir. Sözlük düzümimizde diňe aýry-aýry sosial toparlaryň diline mahsus bolan gizlin manyly sözlerem bar. Ylmy edebiyatlarda žargon, argo atlandyrylýan bu hili az sanly sözler, esasan, ceper edebiyatda betniýet adamlary hasiýetlendirmek üçin ulanylýar.
Umumyhalky we umumyhalky dälligi boýunça häzirki zaman türkmen diliniň leksikasyny aşakdaky ýaly toparlara bölmek mümkin: umumyhalky leksika we umumyhalky däl leksika.
Достарыңызбен бөлісу: |