2. Umumyhalky däl leksika. Hemmelere däl–de belli bir toparlara, tirelere düşnükli bolan sözler umumyhalky däl leksikany guraýarlar. Olara dialektizmler, professional leksika, żargonlar, argotizmler degişlidir.
Dialektizm. Dialektizmler belli bir territoriýanyň bir ýerindäki ulanylýan sözler we durnukly söz düzümleridir. Dialektizmleriň aşakdaky ýaly görnüşleri bardyr.
Fonetik dialektizm. Dialektizmiň bu görnüşi edebi diliň orfografik normasyna ters gelýär. Fonetik dialektizm dialekt gepleşiginiň edebi dilden tapawutlanýan ses aýratynlyklary bolup, belli bir dialekte mahsus bolan ses ulanylyş häsiýetidir.
Günbatar ýomut gepleşiginde interwokal ýagdaýda we sonorly seslerden soň p sesine derek f sesiniň ulanylyş kanuny, edil şonuň ýaly edebi dildäki o sesine derek a sesiniň ulanylyşy fonetik dialektizmdir. Emma edebi dildäki «ynanmak, togalak» sözlerine derek sakar dialektinde «ynanmak, tomalak» ulanylyşy fonetik dialektizm däl–de leksika–fonetik dialektizmdir. Çünki sesleriň beýle çalşyrylmagy kanuny häsiýet däldir.
Semantik dialektizm. Umumyhalk dilindäki söz türkmen dialektleriniň haýsy hem bolsa birinde edebi dildäkisinden başga many aňlatsa oňa semantik dialektizm diýilýär. Sakar dialektinde «gulak»– dörtburç edilip kesilen hamyr, ol köplenç ýagly çorbada ýa-da suwda bişirilip süzmä süzülýär. Diýmek «gulak» sözi edebi dildäki «belke» sözüni aňladýar.
Grammatik we ýasaýjy dialektizmler. Bu ýerde edebi dilden tapawutly belli bir dialekte mahsus grammatik we söz ýasalyş aýratynlyklary nazarda tutulýar. Grammatik we ýasaýjy dialektizmler edebi diliň grammatik normasyna tersdir.
Leksik dialektizmler. Leksik dialektizm zadyň, hadysanyň edebi dilde ulanylmaýan we belli bolmadyk adydyr. Leksik dialektizmiň içinde etnografik dialektizm edebi dil üçin ähmiýetlidir.
Etnografik dialektizm. Etnografik dialektizmiň edebi dilde sinonimi bolmaýar. Belli bir dialektiň ýerleşen territoriýasy bilen baglanyşykly dialektiň durmuşyna, önümçiligine mahsus bolan heniz edebi dile girmedik, emma girmeli sözlerdir. Beýle sözler edebi dile terjime edilmeýär, çünki ýerli zadyň, önümiň ýerli adynyň edebi dilde sinonimi ýokdur. Onuň nämedigini edebi dilde düşündiriş arkaly beýan etmek bolýar. Meselem: sum (dagyň özboluşly gowagy), selmelek (mandragöra), badyýan (ukrop), dele (zemlýanika), barak (guş ady), takgaz, çapak, bekre, top, köpir, tirana (balyk atlary) we ş. m. duş gelýär. Etnografik dialektizme belli bir territoriýada duş gelýän zatlaryň, däp–dessurlaryň atlary hem degişlidir. Dialektizmiň bu görnüşi belli bir derejede edebi dili baýlaşdyryp biler.
Frazeologik dialektizm. Edebi dilde ulanylmaýan, diňe belli bir dialekte mahsus bolan durnukly söz düzümleridir. Beýle durnukly söz düzümlerine, esasan, dialekt aýratynlygy bilen baglanyşykly bolan idiomalar, atalar söz we nakyllar degişlidir.
Dialektizmiň edebi dile we çeper edebiýata gatnaşygy. Dialektizmler edebi diliň sostawyna girmeýärler. Şonuň üçin hem her medeniýetli adam dil medeniýetiniň edýän talaplaryna berjaý etmek üçin dialektizmleri ulanmazdan, arassa geplemelidir we edebi dilde ýazmalydyr.
Dialekt täsirli erlerde edebi diliň dialektizmlerden üstün çykmagynda mekdep, radio, telewideniýe, kino, kitap, kitap–żurnallar, teatr we we ş.m. Medeni edaralar uly ýardam edýärler.
Dialektizmleri çeper edebiýatda ulanmak mümkinmi? Bu soraga hawwa ýa-da ýok diýip jogap bermek mümkin däl. Umuman ýazylýan her bir çeper eser ýa-da ylmy iş edebi dilde ýazylmalydyr. Emma ýazylýan zat belli bir dialekt bilen baglanyşykly bolsa, etnografik dialektizmleri hem ulanylmaly bolýar. Sebäbi, etnografik dialektizmleriň edebi dilde doly sinonimi bolmaýar. Dialektizmleri çeper edebiýatda ulanmakda ýazyjy örän hüşgär we paýhasly bolmalydyr. Çünki dialektizmleri çeper edebiýatda ýerliksiz we çendenaşa köp ulanmak mümkin däl. Dialektizmleri çeper edebiýatda belli bir derejede ulanmak mümkin. Emma ol ulanyş üç ýagdaýda nazarda tutulmalydyr.
Достарыңызбен бөлісу: |