1. Ensiklopedik sözlükler.
2. Lingwistik sözlükler.
Dilşynas N.Nartyýew Ensiklopedik sözlüklere we Lingwistik sözlüklere şeýle kesgitleme beripdir: «Bu sözlükler (fr. Encyclopedie, gr. Enkyklopaideia – bilimler topary) köptaraply bolup, bilimleriň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ensiklopedik sözlükde ol ýa beýleki söz bilen atlandyrylan predmetler, şahslar, hadysalar barada giňişleýin maglumat berilýär. Türkmen ensiklopediýasy 12 tomdan ybarat bolup, olarda ylmyň dürli ugurlaryna degişli gymmatly makalalar ýerleşdirilýär.
Haýsydyr bir predmet, hadysa, şahs barada ýazylan makalalar gürrüň berýän meselesi dogrusynda gysga, emma çuň düşünje berýär. Ensiklopediýany düzmäge ylmyň dürli ugurlary boýunça iň taýýarlykly alymlar çekilýär we umumy talaba laýyklykda belli ölçegde, norma laýyklykda çuň mazmunly makalalar ýazylýar. Şol ylmy makalalaryň jeminden hem ensiklopedik sözlük emele gelýär.
Достарыңызбен бөлісу: |