Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет94/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   119
Jargonlar. Häzirki zaman türkmen dilinde żargonlar duş gelmeýär diýen ýalydyr. Žargon bähbitdeş belli bir toparyň özara şertli dilidir. Žargon sözüň doly manysynda, özbaşdak dil däldir. Žargonlar milli diliň sözlük sostawyndan we grammatik gurluşyndan peýdälanýarlar. Meselem, Buju gyjyz kijm sejen tajanýażarmyjyn– diýdi. Satyjy onuň ýaly dile düşgürdi.

Ol–da şol dil bilen jogap berýär. Bijizijin hajalyjy ajartyjymyzjyzyjyn bajaşlyjygyjy.

Žargonlar belli adamlar bir topar adamlar arasynda ulanylyp, dolanyşyk meýdanynyň dar bolany üçin jemgyýet üçin asla derde ýaramaýar. Şonuň üçin olary dil hasap etmek bolmaz.

Argotizm. Argotizmler, esasan, edebi dildäki sözleriň şertli manylarydyr. Meselem, süýregli adam, domkrat goýmak (biderek öwmek) nas kädiňi (kelläňi) işletmek we ş.m.

Çüýdeşen, kanal ýol, sandykda sygyran, ýigit gyran, gyz gyran, geýmesem olýän we.ş.m. Ekspressiw–stilistik häsiýetli mata atlary olaryň hakyky atlaryndan aktiw ulanylýarlar. Bu argo belli bir derejede ony döredenleriň bähbidi üçin hyzmat edýär.

Argotizm professionalizm ýaly belli bir toparyň dilinde ulanylsa–da, professionalizmden tapawutlydyr.

1. Argotizm dilde hadysanyň, zadyň esasy, hakyky ady bolman, esasy sözüň ýany bilen parallel stilistik sinonim şekilinde ulanylýar. Emma professianal leksikanyň ekspressiw–stiltstik ýa-da ýönekeý sinonimi bolmaýar.

2. Professionalizm stil taýdan ähli stillere biýperwaý bolýar. Çünki bularda terminlik häsiýeti bar. Emma argotizm hemişe ekspressiw–stilistik ýokundyly bolýar.

3. Argotizmniň köpüsi özbaşdak manyly umumyhalky sözlerdir. Professionalizmiň aslynda–da umumyhalkylyk häsiýeti ýok.

4. Argotizm ekspressiw–stilistik ýokundyly bolany üçin, halk köpçüligiň arasyna örän çalt ýaýraýar. Argotizm janly gepleşik diline mahsusdyr.

Sözleriň stillere gatnaşygy taýdan toparlara bolünişi. Sözlük düzümimimizdäki sözler emosional–ekspressiw öwüşginliligi, stillere gatnaşygy taýdan–da tapawutlanyarlar. Meselem, iýmek – symyşlamak; içmek – jyňkytmak; gurlemek – samahyllamak, lakgyldamak, ýaňramak; öwünmek – paňkarmak, paň–paňlamak; gülmek – kikirdemek, hahahaýlamak; aglamak – moňňurmek, gacmak – jyrmak; gorkak – züwwetdin; hile – pyrryldak... Bulardan iýmek, içmek, gurlemek, öwünmek, gülmek, aglamak, gaçmak, gorkak, hile sözlerinde hiç hili goşmaça emosional–ekspressiw öwüşgin duýulmaýar. Eziz, mahriban, nepis, ajayyp ýaly sözler söýgi, hormat duýgularyny – ýakymly emosiýa bildirse, nejis, melgun, kezzap, lakgy, suwjuk ýaly sözler ýakymsyz duýgulary döredýär.

Şu nukdaynazardan sözlük düzümimizdaki sözler: emosionali 'kspressiw öwüşginsiz sözlere we emosional–ekpressiw öwüşginli sözlere bölünýär.

Sözlük düzümimizdaki sözleriň aglabasy emosional–ekspressiw öwüşginsiz sözlerdir. Edebi dilimiziň ähli stillerinde ulanylýan sözlere stilistik neytral sözler hem diýilýär. Emosional–ekspressiw öwüşginli sözler, esasan, ýönekeý halk gepleşiginde hem-de eseriň gahrymanlarynyň gylyk–hasiýetini, medeni derejesini, sosial ýagdaýyny görkezmek maksady bilen ceper edebiýatda ulanylýar.





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет