Soraglar we ýumuşlar
1. Frazeologizm name? Name üçin durnukly söz düzümleri leksik birlik hasaplanylýar?
2. Frazeologizmleriň sözlerden we erkin söz düzümlerinden tapawudyny
aýdyp beriň.
3. Frazeologik sinonimler we frazeologik antonimler adälgalaryna nahili
düşünýärsiňiz?
2.10. SÖZLÜKLER. SÖZLÜKLERIŇ GÖRNÜŞLERI
Meýilnama:
1.Türkmen dilinde sözlükler.
2.Türkmen dilinde sözlükleriň görnüşleri.
3. Terminologik sözlükler.
Daýanç düşünjesi: türkmen dilinde sözlükler, türkmen dilinde sözlükleriň görnüşleri barada maglumat, terminologik sözlükleriň ähmiýeti.
Sözleriň we durnukly söz düzümleriniň ulanylyşyna düşündiriş berilýän kitaplara sözlük diýilýär. Sözlükler dil biliminiň leksikografiýa bölüminde öwrenilýär. Sözlükler elipbiý tertibinde düzülýär. Sözlük–sözleri jemleýän kitapdyr. Sözlükde sözler hasaba alynmak bilen birlikde, sözüň döreýşi, ýazylyşy, aýdylyşy ýa-da aňladýan manylary we ş.m. barada maglumat berilýär. Dürli tipdäki ähli sözlükleri iki topara bölüp görkezmek mümkin. Dilşynas N.Nartyýew sӧzlükler hakynda şeýle belläp geҫýär: «Leksikografiýa /gr. lexikon – sözlük+grapho – ýazýaryn/ dil biliminiň bölümi bolup, sözlükleri düzmegiň we olary öwrenmegiň meseleleri bilen iş salyşýar. Dildäki sözleri toplamak, olary belli bir sistema salmak we sözlükler görnüşinde neşir etmek leksikografiýanyň wezipesine girýär. Sözlükleriň ähli görnüşleri (umumy sözlükler, hususy sözlükler) leksikografiýada öwrenilýär90». Ol dilde ulanylýan ýörgünli hem ýörgünli däl sözler biziň çak edişimizden juda kändigini belläp, sözlükleriň dürli-dürli bolýandygyny belleýär: akademiki sözlük, normatiw sözlük, pudaklaýyn sözlük, syýasy sözlük, terminologik sözlük, filosofik sözlük, mekdep sözlügi, ensiklopedik sözlük, düşündirişli sözlük, lingwistik sözlük. Ol sözlüklerde sözleriň manysy düşündirilýär, olar grammatiki taýdan häsiýetlendirilýär, sözleriň gelip çykyşy, aýdylyşy, ýazylyşy görkezilýär, degişli grammatiki, stilistik bellikler edilýändigini aýratny belläp geҫipdir. Şonuň bilen birlikde ol dildäki sözlükleri iki topara bölüp görkezipdir:
Достарыңызбен бөлісу: |