Etimologik sözlük. Türkmen dilinde ilkinji gezek etimologok sözlük düzmäge meşhur dilçi Soltanşa Atanyỳazow synanyşyk etdi. Ol ,,Türkmen diliniñ sözköki (etimologik) sözlügi’’ ( Aşgabat, 2004) diỳen kitabyny neşir etdirdi. Ỳöne bu entek gekjekde edilmeli düỳpli işleriñ başlangyjydyr.
Türki diller boýunça E. W. Sewortýan tarapyndan düzülen etimologik sözlügi görkezmek mümkin. Onda türki dillerde ulanylýan düýp sözleriň kökleri yzarlanylýar, olaryň haýsy sözlerden gelip çykanlygy anyklanylýar. Etimologik sözlük diňe bir lingwistik taýýarlygy däl, eýsem ähli ylymlar boýunça hem giň gözýetimi talap edýär, sözleri taryhy-deňeşdirme usuly arkaly öwrenmekligi ündeýär.
Taryhy sözlük. Bu hem etimologik sözlükden ýeňil däldir. Taryhy sözlükde gadymy ýazuw ýadygärliklerindäki sözlere düşündiriş berilýär, olaryň haçan ýüze çykany, manysynyň hem formasynyň üýtgeýşi, sözýasalyş dogrusynda maglumat berilýär. Muňa “Gadymytürki sözlük” (Leningrad, 1969) mysal bolup biler.
L.Z. Budagowyň “Türk-tatar şiweleriniň deňeşdirme sözlügi I-II” (1869-1871), W.W. Radlowyň “Türki şiwleriň sözlüginiň tejribesi” (1888-1911) diýen äpet işleri hem şu kysymly sözlüklere girýär.
Достарыңызбен бөлісу: |