Lingwistik sözlükler. Lingwistik sözlüklerde sözleriñ manysy we ulanylyşy dogrusynda düşündiriş berilýär. Ensiklopedik sözlüklerde predmetiň, hadysanyň özi dogrusynda maglumat berilýän bolsa, lingwistik sözlüklerde diňe sözleriň manysy we ulanylyşy düşündirilýär. Şu tarapdan hem lingwistik süzlükler ensiklopedik sözlüklerden tapawutlanýarlar91».
Düşündirişli sözlük.“Türkmen diliniň sözlügi” (Aşgabat, 1962.) ilknji düşündirişli sözlük bolup, türkmen dilinde ýörgünli ulanylýan sözleri öz içine alýar, olaryň aňladýan manylary çeper eserlerden getirilen mysallaryň üsti bilen düşündirilýär. Bu sözlükde diňe aýry-aýry sözleriň manysyny düşündirmek bilen çäklenmän, eýsem ol sözleriň her biriniň näçe manyda gelýänligi hem görkezilipdir, olaryň göçme manyda ulanylyşy hem berilipdir, şeýle hem umumy- halk diliniñ baýlygyny görkezýän dürli formadaky durnukly söz düzümleri idiomalar, ewfemizmler alnypdyr. Meselem: