Dialektologik sözlük. Munda dialekt sözlerine düşündiriş berilýär. Dialekt sözlükleri her welaýat ýa-da bir we birnäçe dialektler boýunça hem düzülip biler. Häzire çenli türkmen dilinde S. Arazkulyýew, S.Atanyýazow, R. Berdiýew, G.Saparowa tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň gysgaça dialektologik sözlügi” (Aşgabat: ,,Ylym’’, 1977) ulanylmaga berildi. Bu ilkinji dialektologik sözlük bolup, türkmen dialektleriniň häsiýetli leksik aýratynlyklarynyň köpüsini öz içine alyp bilipdir. Ýöne bu sözlük gysga bolup, türkmen dialektleriniň sözlük düzüminiñ baýlygyny ýeterlik görkezip bilmeýär. Geljekde has giň dialektologik sözlügiň düzülmegine okyjylar garaşýar. Dialektologik sözlük mekdep mugallymlary üçin, gazet-žurnallarda, radioda we telewideniýede işleýänler üçin, şeýle hem türkmen dialektleri bilen gyzyklanýan ähli okyjylar üçin peýdalydyr. “Türkmen şiweleriniň gysgaça sözlügi” (Aşgabat, 2000) diliň taryhy we şiwe öwreniş bölüminiň baş ylmy işgäri Orazdurdy Çommadow, kiçi ylmy işgäri Y.Geldiýew tarapyndan düzüldi. “Sözlügiň” “Sözbaşy” we “Jemlemesi” f.y.d. O.Çommadow tarapyndan ýazylyr.