Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет101/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   119
Orfografik sözlük. Sözleriň dogry ýazylyşyny öwredýär. Sözlükler halkymyzyň söz baýlygyny bir ýere jemläp, olara dürli taraplardan gysga we anyk düşündiriş berýän iňňan gymmatly kitaplardyr.

Sözlügiň esasy hökmünde Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri professor P.Azymowyň redaksiýasy bilen 1957, 1962-nji ýyllarda iki gezek çap edilen “Türkmen diliniň orfografik sözlügi“ ( sözlügi düzenler P. Azymow, J. Amansaryýew, H. Baýlyýew, M. Gasanowa, A. Gurbanow, G. Saryýew, G. Sopyýew, Ý. Çeňňäýew, A. Seýidow) alyndy. Oňa goşmaça materiallar bolsa 1963-nji ýylda Türkmenistan YA-nyň korrespondent çleni M. Hamzaýewiň redaksiýasy bilen neşir edilen “Türkmen diliniň orfografik sözlüginde” (sözlügi düzenler M. Hamzaýew, S. Altaýew, G. Ataýew, G. Açylow, G. Gulmanow, W. Mesgudow A. Meretgeldiýew), gazet-žurnallardan, terminologik, türkmençe-rusça, rusça-türkmençe, düşündirişli we beýleki sözlüklerden hem-de dürli edebiýatlardan toplanypdyr.

P.Azymow we M. Hamzaýewiň redaksiýalary bilen neşir edilen orfografik sözlükleriň çykaly bäri köp wagt geçmegi sebäpli, olar seýrek tapylýan kitaplar boldy. Ondan-da başga şu sözlügiň öňkilerden käbir aýratynlyklary bar: asyl we ýasama sözleriň mukdary öňki sözlüklerdäkä görä köpräk; ylmy-tehniki progres netijesinde türkmen diliniň sözlük sostawyna soňky ýyllarda giren täze sözler hem sözlüge alyndy; neşir edilen orfografik sözlükleri düzmegiň tejribesinden peýdalanmak bilen birlikde, şu sözlügiň düzüliş prinsipine käbir üýtgeşiklikler girizildi. Ýazylyşy jedelli we kyn hasaplanylýan sözler mümkin boldugyça doly alynypdyr.

1988-nji ýylda P.Azymow we B. Çaryýarow tarapyndan “Türkmen diliniň orfografik sözlügi” çap edilýär. Bu sözlük has hem uludyr. Türkmen diliniň orfografik sözlüginde (Aşgabat, 1989) sözleriň dürs ýazuw düzgünleri ýazylyp görkezilýär.

Orfografik sözlükde, esasan häzirki edebi dilde ulanylýan sözler alynay, şeýle hem klassyky edebiýatyň diline, türkmen diliniň dialektdir gepleşiklerine degişli bolsa-da çeper edebiýatyň diline, türkmen diliniň dialektdir gepleşiklerine degişli bolsa-da çeper edebiýatda we döwürleýin metbugatda köpräk duş gelýänleri hem-de okyjy köpçüligi tarapyndan ykrar edilenleri sözlüge girizilipdir.

Sözlügiň adyndan belli bolşy ýaly, onda sözleriň diňe dogry ýazylyşy görkezilýär, sözleriň ulanylyş normalary, olaryň aňladýan manylary, grammatik gurluşy we başga aýratynlyklary sözlükde berilmändir.





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет