Orfoepik sözlük. Munda sözleriň edebi dildäki dogry aýdylyşy görkezilýär. Edebi dilde sözleriň dogry aýdylyşyny öwretmekde orfoepik sözlüge uly rol degişlidir. Şeýle orfoepik sözlük ilkinji gezek T.Täçmyradow we M.Çaryýew tarapyndan taýýarlanan “Türkmen edebi diliniň orfoepiýasy we gysgaça orfoepik sözlük” (1967) diýen işidir. Soňra bu iş “Türkmen diliniň orfoepik sözlügi” (1977) ady bilen täzeden neşir edildi. Meselem, şu aşakdaky sӧzleri sӧzlüklerden gӧzläp manysyny, dürs aýdylyşyny tapalyň.
Toponimik sözlük.Munda ýer-ýurt atlaryna düşündiriş berilýär. Bu ugurda görnükli toponimçi alym S. Atanyýazow meşhurlyk gazandy. Onuň “Türkmenistanyň toponimik sözlügi” (1970), “Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi” (1980) diýen işleri okyjylara giňden mälimdir.
Frazeologik sözlük.Türkmen dilinde göçme manyly durmukly söz düzmelerini toplamak we olary elipbiý esasynda tematik taýdan toparlara bölüp, belli bir sistema salmak uly hysyrdyly işi talap edýär. Şeýle sözlükleriň ilkinjisi “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” (1976) diýip atlandyrylypdyr. Sözlüge türkmen dilinde ýörgünli ulanylýan frazeologizmleriň ençemesi alnypdyr we degişli mysallaryň üsti bilen oňat düşündirilipdir.