, <ä> barada iki hili garaýşyň bardygyny tassyk edýär.
Türkmen dilinde ulanylýan , esasan, gysgadyr: (mfejn, hilfejn, igdfe], we ş.m.). Şonuň bilen bir hatarda bir ýa birnäçe sesleriň düşmegi bilen gysga fej uzyn fe.J sesine öwrülýär42: (bfe.Jr, gfe.Jr, we ş.m), <ä> barada aýdylanda bolsa, ol, esasan, uzyn çekimlidir: [ä:]ň, sfä.Jw, çfä.Jk, [ä:]t, b[ä:]ş, mfä.Jş we başgalar). Aslynda başga dillerden giren (şfäjher, mfäjhir, zfäjher we ş.m.) we iki sözüň birleşmegi netijesinde emele gelen ýek-tük sözlerde (fäjber, fäjkel, fäjkit) fäj gysga aýdylýar. [E] sesiniň, uzyn, [ä] çekimlisiniň gysga aýdylmagyny kadadan çykma hasaplamakbilen, türkmen dilindäki çekimli fonemalaryň sany barada M.Geldiýewiň, A.P.Poseluýewskiýniň we N.K.Dmitriýewiň pikirlerine goşulýarys.
Häzirki zaman türkmen edebi dilinde 8 sany gysga, 8 sany hem uzyn fonema bolup, olar 9 harpyň üsti bilen aňladylýar. Görnüşi ýaly, harplaryň mukdary fonemalaryň sanyndan iki esse diýen ýaly azdyr.
М.Hudaýgulyýew hem türkmen dilinde 16 sany ҫekimli fonemanyň bardygyny we olaryň 8 sanysy gysga: a.i, o, ӧ, u, ü, y, e; 8 sanysy hem uzyn ҫekimlidir: a:, i:, o:, ӧ:, u:, ü:, y:, ä:43 – diýip belleýär.