Dodak singarmonizmi. Sözüň birinji bognundaky dodak çekimliniň sońky bogunlardaky çekimlilere täsir edip, olary özüne meńzetmegine, dodaklanýan çekimlilere öwürmegine dodak singarmonizmi diýilýär. Türki dilleriň birentegin–de sözüň ikinji we ondan sońky bogunlaryndaky dodaklanmaýan çekimliler şol sözüň birinji bognundaky dodaklanýan çekimlisi bilen sazlaşýar. Meselem, gyrgyz dilinde: koldorunuzdun (gollaryńyzdan), kolunuzdu (goluńyzy), kuçu (güýji), kuç–dörü (güýçleri).
Türki dilleriň birnäçesinde, şol sanda türkmen diliniň hem aýry-aýry dialektlerinde labial sazlaşma sözüň ikinji we üçünji bogunlaryndan ańry geçmeýär. Meselem, gazak dilinde kündör–günler, bötölkö–çüýşe, gagauz dilinde, suýu–suwy, köprüniń–köpriniń. Türki dilleriň hemmesinde dodaklanýan çekimlileriň dodaklanmaýan giň we dar çekimlilere täsir edişi birmeńzeş däl. Azerbaýjan, uýgur, balkar, gumuk, türk we beýleki käbir türki dillerde sözüň birinji bognundaky dodaklanýan çekimliler dińe dar çekimlilere täsir edýär. Olar sözüň ikinji we ondan sońky bogunlaryndaky giň çekimlileri özüne meńzedip bilmeýär. Meselem, azerbaýjan dilinde: aglaýan sözü külän sözünün, täzä sözü köhnä sözüniň antonimidir. Umuman, türki dillerde labial singarmonizmi, palatal singarmonizme garanda has gowşak. Çuwaş, nogaý, hakas we ş.m. türki dillerde birinji bogunda dodak çekimliler bolan sözlerde, köplenç, labial sazlaşma ýüze çykmaýar.
Singarmonizm düzgüni dünýä dilleriniň köpüsine (meselem, has köp dilleri özüne birleşdirýän hindi–ýewropa dilleri maşgalasyna girýän dillere we beýleki birnäçe dillere) mahsus däl. Munuň şeýledigini türkmen we beýleki türki dillere arap, pars, rusdillerinden we rus diliniň üsti bilen beýleki ýewropa dillerinden geçen köp sanly sözleriň mysalynda hem görmek bolýar. Meselem, kitap, işan, jemal, derýa, diwan, filosofiýa, filologiýa, matematika... ýaly ýüzlerçe sözde çekimli sesler inçelik ýogynlyk taýdan hem, dodaklanma boýunça–da biri–biri bilen sazlaşmaýar. Şeýle ýagdaý singarmonizm düzgüniniň köp diller üçin däl–de, birnäçe diller üçin häsiýetli bolan özboluşly aýratynlykdygyny görkezýär.
Ses üýtgemeleri. Her bir diliň taryhy ösüş prosesini synlasak hem, onuň häzirki ulanylyşyny göz öńüne getirsek hem dilde dürli–dürli ses üýtgemeleriniň ýüze çykandygyny görmek bolýar. Şol dürli hili ses üýtgemeleri sözleýiş prosesinde sesleriň özara biri–birine täsir etmegi bilen hem olaryň sözdäki orunlary bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr. Şońa görä–de, dildäki ses üýtlemeleri iki topara bölünýär: kombinator ses üýtgemeleri we pozision ses üýtgemeleri.
Dilde kombinator ses üýtgemeleri–de, pozision ses üýtgemeleri–de sözüň grammatik ýa-da leksik manysynyň üýtgemegi bilen köplenç, baglanyşykly ýüze çykmaýar. Bu hili ses üýtgemeleriniň ýüze çykmagy bilen sözüň grammatik manysy–da üýtgemeýär. Ses üýtgemeleri dilde häzir hereket edýän ýa-da diliň ösüşiniň haýsy hem bolsa bir döwründe hereket eden ses kanunlarynyň esasynda, şolara laýyklykda ýüze çykypdyr.
Kombinator ses üýtgemeleri. Aragatnaşyk prosesinde sözleýiş sesleri biri–biri bilen bilelikde, biri–biriniň yzyndan, belli bir tertip boýunça aýdylýar, ýa olar biri–biri bilen baglanyşykly ulanylýar. Sözleýiş sesleri şeýle ulanylanda, özleriniň aýratynlykda aýdylýan wagtdaky häsiýetini, ýa bütinleý, ýa-da belli bir derejede ýitirýär. Sebäbi olar bilelikde, biri–biri bilen baglanyşykly aýdylanda, bir sesiň artikulýasiýasy beýleki bir sesiň artikulýasiýasyna täsir edýär. Bir sesiň beýleki bir sese täsir etmegi netijesinde bir–birinden düýpli tapawutlanýan sesler ýa ýakyn seslere, ýa-da hiç bir tarapdanam tapawutlanmaýan seslere öwrülýärler, ýa-da gatnaşyga giren sesleriň biri düşüp galýar. Sesleriň biriniň beýlekisine täsir etmegi netijesinde ýüze çykan ses üýtgemelerine kombinator ses üýtgemeleri diýilýär. Sözdäki bir sesiň başga bir sese täsir etmegi netijesinde dilde assimilýasiýa, dissimilýasiýa, akkomodasiýa, eliziýa, metateza, reduksiýa we ş.m. fonetik hadysalar ýüze çykýar.
Assimilýasiýa. Sözleýişde bir ses başga bir sese täsir edip, ony özüne doly meńzedýär ýa-da täsir eden sesini özüne ýakyn bolan çekimsize öwürýär. Ine, şuńa, ýagny, sözüň düzüminde, söz bilen goşulmanyň goşulan ýerinde, goşulyp ýa-da tirkeşdirilip aýdylan sözleriň arasynda bir sesiň başga bir sese doly ýa-da kem käsleýin meńzemegine assimilýasiýa diýilýär. Muńa hut assimilýasiýa sözüniň özi hem mysal bolup biler. Biri–birinden düýpli tapawutlanýan çekimsizleriň assimilleşip gelýän halatlaryny ýazdy–ýazzy, gözlemek–gözzemek, goşjak–goşşak, ösdi–össi... kimin sözleriň mysalynda hem görmek bolýar.
Assimilýasiýa assimilleşme prosesiniň netijesi, hili boýunça iki hili bolýar: doly assimilýasiýa we doly däl assimilýasiýa. Assimilleşýän ses assimilleşdirilýän ses (ýagny meńzeýän ses özüne täsir edýän ýa-da meńzedýän sese) artikulýasiýanyň gatanjy, hili we orny boýunça meńzese, onda ońa doly assimilýasiýa diýilýär. Assimilleşýän ses özüne täsir eden sese doly meńzemän, ońa kem–käsleýin meńzese, onda ońa doly däl assimilýasiýa diýilýär. Assimilýasiýa hadysasy assimilleşme prosesiniň ugry boýunça ýa-da meńzedýän sesiň haýsy orunda durýandygyna göpä üç hili bolýar: progressiw assimilýasiýa, regressiw assimilýasiýa we çylşyrymly assimilýasiýa. Sözüň düzümindäki bir ses özünden soň gelen sese täsir edip, ony özüne meńzetmegine progressiw assimilýasiýa diýilýär. Progressiw assimilýasiýada öńdäki sesiň rekursiýasy sońky sesiň ekskursiýasyna täsir edýär. Sözüň düzümindäki bir ses özünden öň gelen sese täsir edip, ony özüne meńzetmegine regressiw assimilýasiýa diýilýär. Regressiw assimilýasiýada sońky sesiň ekskursiýasy öńdäki sesiň rekursiýasyna täsir edýär. Sözüň düzüminde assimilýasiýa prosesine gatnaşýan sesleriň arasynda ilki progressiw, sońra regressiw assimilýasiýa hadysasynyň ýa-da, tersine, ilki regressiw, sońra progressiw assimilýasiýa hadysasynyň ýüze çykmagyna çylşyrymly assimilýasiýa diýilýär.
Dissimilýasiýa. Dissimilýasiýa hadysasy assimilýasiýanyň tersine bolup, meńzeş sesleriň meńzeş däl seslere öwrülmegine aýdylýar. Dissimilýasiýa hadysasyna norma salnan sözleýişde–edebi sözleýiş dilinde däl–de, norma salynmadyk janly sözleýişde – dialekitlerde duş gelinýär. Türkmen diliniň birnäçe dialektlerinde Annageldi sözi Arnageldi görnüşinde Annagül sözi Adnagül görnüşinde ulanylýar.
Akkomadasiýa. Bir sesiň beýleki bir sese uýgynlaşmagyna akkomadasiýa diýilýär. Uýgynlaşma çekimli ses bilen çekimsiz sesiń, çekimsiz ses bilen çekimli sesiň arasynda ýüze çykýar. Sözleýişde çekimli sesiň çekimsiz sese täsir etmegi bilen çekimsiz sesiň artikulýasiýasy üýtgeýär. Türkmen dilinde çekimsiz w sesiniň täsir etmegi bilen, onuň öň ýanyndaky giň çekimliler dodaklandyrylyp aýdylýar: saýla+w= saýlow, germe+w= germöw, derńe+w= derńöwaýla+w= aýlow.
Metateza. Sözüň düzümindäki iki sesiň ýa-da iki bognuň orunlarynyň çalşyrylyp ulanylmagyna metateza diýilýär. Metateza hadysasy çekimli ses bilen çekimsiz sesiň arasynda–da, çekimsiz ses bilen çekimsiz sesiň arasynda–da ýüze çykýar. Ýöne çekimli ses bilen çekimsiz sesleriň arasynda ýüze çykýan metateza hadysasy seýrek duş gelýär. Meselem: dumly–duşdan–dummul–duşdan, toklutaý–toklultaý,dogruçyl–dogurçyl, öwlüýä–öwülýä, truba–turba.
Epenteza. Söz ortasynda çekimli ýa-da çekimsiz sesiň artdyrylyp ulanylmagyna epenteza diýilýär. Epenteza hadysasy, köplenç, alynma sözlerde ýüze çykýar. Bu termin grek dilinden geçen söz bolup, artdyrma, goşma diýmekdir. Türkmen dilinde–de şol hili sözlerde iki çekimliniň arasynda ý sesi artdyrylyp ulanylýar. Meselem: teatr–tyýatyr, radio–radyýa, aeroport=aýyrport, aeroplan–aýryplan, poema–poýema.
Diereza. Söz ortasyndaky çekimsiz sesleriň utgaşmasyndan çekimsiz sesiň düşürilip ulanylmagyna diereza diýilýär. Diereza hadysasy ýönekeý sözleýişde we dialektlerde ýüze çykýar. Türkmen dilinde t çekimsizi sl, ss, sk çekimsizleriniň arasynda gelende düşürilip aýdylýar. Meselem, dostluk–dosluk, köstsüz–kössüz. Sözleýişde, ç çekimsizi bilen gutarýan sözlerde d, j, l, s sesleri bilen başlanýan goşulma goşulanda ç affrikatynyň düzümindäki zarply t çekimsizi düşürilip aýdylýar. Meselem, saçly–saşly, saçsyz–saşsyz, saçdy–saşdy, üçde–üşde, üçlük–üşlük, geçdi–geşdi geçjek–geşşek.
Достарыңызбен бөлісу: |