Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет47/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   119
Eliziýa. Sońy çekimli sese gutarýan we çekimli ses bilen başlanýan sözlere ýanaşyk gelip, bilelikde pauzasyz aýdylýar. Şonda ilkinji sözüň sońundaky çekimli düşüp galýar. Ine, şuńa ýagny, çekimli sese gutarýan we çekimli ses bilen başlanýan sözleriň ilkinjisiniň sońundaky çekimli sesiň düşüp galmagyna eliziýa diýilýär. Türkmen dilinde ba:dam – bu adam, ikat–iki at, ýedaý–edi aý. Eliziýa hadysasy türkmen diliniň orfografiýasynda–da şöhlelenýär. Meselem, altatar – alty + atar, ekelli – eke + elli, ikuç – iki + uç. Eliziýa hadysasy sońy çekimli sese gutaran sypatlara –al, –el goşulmalary goşulanda–da ýüze çykyp bilýär. Meselem, saralmak (sary–al), kiçelmek (kiçi–el) ulalmak (uly–al), gonelmek (göni–el).

Substitusiýa. Sözüň düzümindäki bir sesiň artikulýasiýa häsiýeti boýunça ýakyn bolan başga bir ses bilen çalşyrylmagyna substitusiýa diýilýär. Türkmen dilinde f sesi p sesi bilen, ts sesi s sesi bilen, sh sesi ş sesi bilen ou diftongy ow (nou–nowruz) ýa-da öw sesleri bilen çalşyrylyp ulanylýar. Meseles, sap, pida, pars, pereń, perme, pi: rme, pyrant, sement, sirk, sentiner.

Pozision ses üýtgemeleri. Sözde sesiň duran orny bilen, sözüň bognunyň basymsyz aýdylmagy bilen baglanyşykly dürli hili ses üýtgemeleri ýüze çykýar. Sözüň başyndan ýa-da ortasyndan ýa ahyryndan bir ses artdyrylýar ýa-da düşüp galýar. Sözüň ýa başyndan ýa ortasynda ýa-da ahyrynda duran bir ses sözüň düzüminde bolmadyk başga bir ses bilen gezekleşýär. Açyk çekimsiz dymyklaşýar ýa-da tersine dymyk çekimsiz açyklaşýar, basymsyz aýdylýan bogundaky çekimli ses öz adaty aýdylyşyny üýtgedýär ýa-da düşürilip ulanylýar. Ine, şular ýaly ses üýtgemelerine pozision ses üýtgemeleri diýilýär. Pozision ses üýtgemeleriniň dürli görnüşleri bar.

Umuman alanymyzda, türkmen dil biliminde sesleriň sazlaşygy barada aýdylan





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет