2. Owaz we galmagallygyň emele gelişi barada aýdyp beriň?
3. Akustikanyň hil taýdan tapawutlanyşy nähili?
4. Akustikanyň mukdar taýdan tapawutlanyşy nähili?
1.4. GEPLEÝIŞ APPARATY WE ONUŇ GURLUŞY.
GEP ORGANLARYNYŇ SESLERI EMELE GETIRMEKDÄKI HYZMATY
Meýilnama:
1.Gep organlary we gepleỳiş apparaty hakynda gygaça maglumat.
2.Gepleýiş apparaty we onuň gurluşy.
3.Gep organlarynyň sesleri emele getirmekdäki hyzmaty.
Daýanç düşünjeleri: gep organlary we gepleỳiş apparaty barada düşünje, gepleýiş apparaty we onuň gurluşy, gep organlarynyň sesleri emele getirmekdäki hyzmaty barada düşünje. Gepleỳiş seslerindäki akustik aỳratynlyklar gep organlarynyñ işleỳşi, sesleriñ olar arkaly hasyl bolşy bilen aýrylmaz baglanşykly bolansoň olardaky akustik alamatlary takyk bilmek uçin, adamyñ gapleỳiş aparatynyñ gurluşy, gep organlaryñ her birinin ýerine ýetirỳän hyzmaty bilen düýpli tanyş bolmak zerurdyr33. Gepleỳiş sesleri gep organlary arkaly emele getirilỳar. Olary hasyl etmage gatnaşỳan organlara gep oganlary, gep organlarynyñ jemine hem gepleỳiş apparaty diyilỳar. Adam organizminde diňe gepleỳiş seslerini hasyl etmek üçin ýörite organ ỳokdur. Şeỳle hyzmaty durli fiziologik funksiỳalary amala aşyrỳan by organlar (mysal üçin, öýken dem almak, dişler – çeỳnemek, dil – tagam duỳmak, burun boşlugy – dem almak, dem çykarmak, ys almak üçin we başgalar) goşmaça ỳerine ỳetirỳarler. Gepleỳiş seslerini emele getirmäge dem alyş apparaty, bogaz, bogazdan ýokardaky boşluklar gatnaşýarlar.