Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет11/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   119
Sesiň belentligi. Bu – jisimiň sekuntdaky yrgyldysynyň tizligine–çaltlygyna bagly bolan ses hilidir: jisim sekuntda naçe köp, çalt titresi, ses şonça belent, ol näçe az, haýal yrgyldasa, ses şonça–da pes bolýar. Gepleỳiş sesleriniň belent – pesligi owaz perdeleriniň yrgyldysyna bagly bolỳar. Bu–da, öz gezeginde, owaz perdeleriniň uzyn–gysgalyk, dartgynlylyk–dartgynsyzlyk derejesi bilen kesgitlenilỳär. Olar gysga we dartgynly bolsa, ses belent, ỳokary bolỳar: çagalaryň, aýallaryň owaz perdeleri erkek adamlaryňkydan gysga hem dartgynlydyr, şol sebäpli olaryň sesleriniň belentligi hem erkek adamlaryňka garanda ỳokarydyr.

Sesiň tembri. Bu–örän çylşyrymly hadysalardan biri bolup, sesiň hili–labzy, owazy, äheňi, häsietli öwüşgini diýmekir. Tembr – fransuzça timbri – «jaň» diýen sözden alnypdyr. Sesiň tembri kömekçi owazlaryň sanyna, olaryň öz güýji we belentligi boýunça esasy owaz bilen özara gatnaşygyna baglydyr. Kömekçi – goşmaça owazlar yrgyldylaryň esasynda döreỳän esasy owaz bilen birlikde, şol bir wagtyň özünde rezonatorlarda: içine howa, ýel düşüp, sesi gaỳtalaỳan, oňa ỳaň berỳän boşluklarda (masal üçin, kirişli saz gurallarynyň kädilerinde, üflenip çalynỳan dürli saz gurallarynyň içindäki boşluklarda we ş.m.) emele gelỳärler hem-de esasy owaza goşulyp, ol ỳa beỳleki sesiň tembrini emele getiỳärler.

Sesiň tembiri rezonatorlaryň göwrümine we formasyna hem baglydyr. Rezonator – fransuzça «resonanse» «ýaňlanmak» sözünden alnypdyr. Ol bir adamyň sesini başga bir adamyň sesinden, bir saz guralynyň sesini başga bir saz guralyň sesinden (mysal üçin, dutar, gyjak, dilli tüýdük we ş.m) aýyl–saýyl tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär. Sesiň esasy owazyna kömekçi owazlar näçe köp goşulsa, sesiň tembri şonça–da dürli–dürli bolýar. Kömekçi owazlar hakynda pikir bildiren garagalpak alymy A.Dauletow «Kömekçi owaz esasy owaza seredende ýokary bolýar»30 diýip belleýär.



Akustika sesleri mukdar taýdan–da tapawutlandyrýar.



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет