Dodaklanan çekimliler. Bularyň emele gelşi aşakdaky elementler bilen häsiýetlenýär: a) dodaklaryň ikisi hem hereket edip tegelenýär, çemelenýär we biraz öňe uzalýar; b) netijede ýokarky we aşaky alyn dişler ýapylyp agyz boşlugynyň meýdany birneme daralýar. Ine, şu hili artikulýasiýada dodaklanan o,o:, u,u:, ü,ü: çekimli fonemalary emele gelýär.
Dodaklanmadyk çekimliler. Bular aýdylanda aşakdaky alamatlar bilen häsiýetlenýär: a) dodaklar hereket etmeýär; b) netijede agyz boşlugynyň alyn öňki bölegi araçägi dodaklar bilen däl-de, dişler bilen çäklenýär. Ine, şu hili artikulýasiýada dodaklanmadyk a,a:, i,i:. e, ä çekimli fonemalary hem-de e: ä çekimlileri (warintlar) hasyl bolýar.
Ҫekimlileriň ýokardaky ýaly häsiýetlendirmeleri hakynda T.Täҫmyradowyň ӧňe goýýan pikirleri M.Hudaýgulyýewiň pikirleri bilen bir ugurdaş gelýändigini bellemek gerek. Olary aşakdaky slaýdlarda gӧrkezmek bolar.
Достарыңызбен бөлісу: |