Diliň wertikal hereketi boýunça çekimliler ýokary galyş; aşaky galyş, ortaky galyş çekimlileri diýlip üç topara bölünýär.
Ýokary galyş çekimlileri. Bular aýdylanda aşakdaky alamatlar bilen häsiýetlenýär: a) dil aşaky eňek bilen aýratynam onuň üç we orta bölekleri gaty kentlewüge tarap has ýokary göterilip, oňa ýakynlaşýar; b) netijede howa akymynyň geçýän ugry agyz boşlugynyň açylyş derejesi has hem daralýar. Ine, şu hili artikulýasiýada ýokarky galyş i,i;, u,u; ü,ü; y, y: çekimli fonemalary hasyl bolýar. Bulara dar çekimliler hem diýilýär.
Достарыңызбен бөлісу: |