Aşaky galyş çekimlileri. Bularyň artikulýasiýasy aşaky alamatlar bilen häsiýetlenýär: a) dil aşaky eňek bilen aşak düşüp, onuň üç we orta bölekleri gaty kentlewükden has daşlaşýar; b) netijede agyz boşlugynyň açylyşy maksimal derejede giňelýär. Ine, şu hili artikulýasiýada aşaky galyş a,a:, ä: çekimli fonemalary emele gelýär.
Ortaky galyş çekimlileri. Bular hasyl bolanda, aşaky alamatlar bilen häsiýetlenýär: a) dil aşaky eňek bilen bile biraz ýokaryk galýar; b) onuň üç we orta bölekleri aralyk ýagdaýda – ýokarky galyş bilen aşaky galşyň aralygynda bolýar. Ine, şu artikulýasiýada ortaky galyş o,o:, ö,ö:, ä çekimli fonemalary hem-de e: ä çekimlileri (wariantlar) hasyl bolýar. Ortaky hem-de aşaky galyş çekimlilerine giň çekimliler hem diilýär.
Dodaklaryň hereket edip – etmezligi boýunça çekimli fonemalaryň toparlara bölünişi. Dodaklaryň gatnaşyp gatnaşmazlygy boýunça çekimli fonemalar dodaklanan we dodaklanmadyk çekimliler diýlip iki topara bölünýär.