1. Taryhy daralma.
2. Professional daralma.
Taryhy daralma bolanda, haýsydyr bir söz diliň taryhynyň belli bir döwrüňde umumy, giň manyda ulanylyp, soňky döwürlerde dürli sebäplere görä ol sözüň manysynyň daralmagyny görmek bolýar.
Professional daralma bolanda, öňden ulanylyp gelýän sözlerden ylymlaryň dürli ugurlaryna degişli terminleriň ýasalýanlygy göz öňünde tutulýar»82.
Ene dilindäki sözlerden belli bir ugurlar boýunça terminleriň döredilmegi bilen sözleriň manysy konkretleşýär. Konkretleşmek esasda bolsa sözüň manysy daralýar. Söz manysynyň beýle daralmasyna bolsa (sözüň manysy) professional daralma diýilýär.
Söz manysynyň daralmagy dürli ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolup, onuň ýüze çykmagy kanuny hadysadyr.
Söz manysynyň daralmagynyň içki sebäbi, esasan, diliň içki mümkinçilikleriniň gowşamagyndan gelip çykýar. Ene dilindäki sözüň funksiýadaş sinonimi başga dilden girip, ene dilindäki sözüň hyzmatynda ulanyp başlaýar. Şeýlelikde, ene dilindäki sözüň funksiýasy gowşap, ulanylyş gerimi we manysy daralýar, onuň tersine, täze giren sözüň funksiýasy giňäp ulanylyş çygry we manysy giňeýär. Içki ýagdaý bilen baglanyşykly söz manysynyň daralmagy, esasan, umumy düşünjäniň konkretleşmegi esasynda geçýär. Don sözi öň umumy geýim manysyny aňladypdyr. Häzir türkmen dilinde manysy konkretleşip, don daşky geýimiň bir görnüşini aňladýar;
Kim don tapmaz geýmäge. (Magtymguly).
Söz manysynyň daralyş ýollary. Sözleriň manylary birden daralmaýarlar. Sözüň haýsy hem bolsa bir manysy, eger söz bir manyly bolsa, sözüň özi dilde aktiw ulanylyşdan passiw ulanylyşa geçýär. Şeýlelikde, giň manylylykdan dar manylylyga geçýär. Ol sözler soňabaka seýrek ulanylmaga başlaýar. Ol sözleriň dilde sinonimi bar bolsa, öňki sözüň ýerine täze söz geçip, öňki söz bolsa ulanylmakdan galýar. Jemgyýetde zerurlygynyň ýok bolmagyndan ýa-da başga sözüň manysynyň täsir etmegi bilen sözlük sostawdan çykan sözler. Gadymy döwürler bilen baglanyşykly birnäçe sözleriň häzirki zaman türkmen dilinde zerurlygy gowşady, käbiriniň bolsa häzirki döwür uçin hiç hili geregi ýok. Beýle sözleriň dil dolanyşygyndaky ähmiýetiniň daralmagy bilen häzirki döwürde olaryň ulanylmakdan galandygyny görmek bolýar. Meselem: bitig– kitap, ýazgy – dokument, bitigçi–ýazyjy.
Ulanylyş çygrynyň daralmagy bilen manysy daralýan sözler. Bu topara girýän sözler türkmen edebi dilinde passiw häsiýetli bolsa–da, türkmen (edebi tilinde), umumyhalk gepleşik dilinde duş gelýärler. Mysal uçin; çepek, çaryk, kejebe, egme, hepbik, çirtmek, panus, düýebaşy, aşyk we ş. m. Zatlaryň durmuşda ulanylyşynyň gowşmagy bilen baglanyşykly sözleriň dilde ýaýragy hem daraldy. Täze zatlaryň atlarynyň aktiwleşmegi öňki atlaryň durmuşda düşüp galmagyna ýagdaý döredýär.
Достарыңызбен бөлісу: |