Terjime sözlükleri. Terjime sözlügi terjime etmäge ýa-da dili öwrenmäge hyzmat edýän kitapdyr. Onuň esasy wezipesi başga diliň sözlerini, söz düzümlerini türkmen diline terjime etmek üçin maglumat berýän gollanma, şol bir wagtyň özünde dili öwrenýänler üçin hem okuw gollanmasy bolmakdan ybaratdyr. Bular iki we köp dillere degişli düzülýär.
Rusça-türkmençe sözlükler rus dilini öwrenmekde türkmenlere uly kömek berdiler.
Hünärmentçilik leksikasyna degişli sözlükler.Hünärmentçilik leksikasyna degişli ỳörite sözlükler düzülýärler. Olara aşakdakylary görkezmek mümkin.
Myradowa S. Halyçylyk we el işleriniň sözlügi. Aşgabat, 1967.
Ataýew G. Türkmen diliniň hünärmentçilik leksikasynyň sözlügi. Aşgabat, 1982.
Penjiýew M.Türkmen diliniň ekerançylyk leksikasy. Aşgabat, “Ylym”, 1979.
Penjiýew M. Ekerançylyk we toprakçylyk terminleriniň sözlügi. – Aşgabat: “Ylym”, 1993.