Sözlükleriň görnüşleri kändir. Diliň, edebiýatyň we beýleki ylymlaryň aýry-aýry pudaklary boýunça hem sözlükler düzülip biler. Mysal üçin, matallara, atalar sözüne we nakyllara degişli sözlükler düzmek mümkin. Ata Annanurowyň we beýlekileriň gatnaşmagynda düzülen “Мудрости двух народов” (Aşgabat, 1963) diýen sözlük şeýle kysymly işlere girýär. W.Mesgudow tarapyndan türkmen dilinde sinonimleriň sözlügi işlenilip düzüldi. Ýöne geljekde hem şu ugurda edilmeli işler kändir. Olara aşakdaky ýaly sözlükler degişlidir: